Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň we Ispaniýanyň futbol ýygyndylary Milletler ligasynyň ýarym finalynda duşuşar

12:2126.01.2023
0
20085

UEFA Milletler ligasynyň ýarym finallarynyň bijelerini çekdi. Şeýlelikde, ýarym finallarda Ispaniýa bilen Italiýa, Niderlandlar Patyşalygy bilen Horwatiýa duşuşar. Bu barada «Çempionat» habar berýär.

«Dörtleriň finaly» bu ýyl 14 ― 18-nji iýun aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda geçiriler. Ýaryşyň duşuşyklaryny Rotterdam we Enshed şäherleri kabul eder.

2023-nji ýylyň 14-nji we 15-nji iýun günlerinde ýarym final, 18-nji iýunda bolsa final duşuşyklary geçiriler.

UEFA indiki möwsümden bolsa Milletler ligasynyň geçiriliş tertibini üýtgetmegi meýilleşdirýär. Eger ozal diňe «A» liganyň toparçalarynda birinji orunlary eýelän ýygyndylar «Dörtleriň finalyna» gatnaşyp bilýän bolsa, indi pleý-off duşuşyklaryna toparçalarda ikinji orny eýelän ýygyndylar hem gatnaşyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň