Turkmenportal logo
26.01.23
2701027010
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Jumbo» we «Emsan» dükanlary Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň ýokary hilli gap-gaçlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär
«Jumbo» we «Emsan» dükanlary Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň ýokary hilli gap-gaçlarynyň giň görnüşlerini hödürleýär

Türkiýäniň «Jumbo» we «Emsan» ýaly meşhur brendleriniň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän ajaýyp we ýokary hilli aşhana hem-de çaýdyr kofe gap-gaçlarynyň dükanlaryna baryp görmäge çagyrýar.



«Jumbo» hem-de «Emsan» ýaly brendlerden başga-da, dükanda germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň we Beýik Britaniýanyň farfor önümçilik kärhanalarynyň önümleri alyjylara ýetirilýär.



Bu ýerdäki gap-gaçlaryň esasy görnüşleri bolan «Jumbo» we «Emsan» önümleri farforyň we faýansyň, poslamaýan demiriň, aýnanyň iň gowy görnüşlerinden taýýarlanylýar. Olary diňe bir özüne çekiji we döwrebap dizaýny däl-de, eýsem ýokary hili-de tapawutlandyrýar. Olaryň ýasalýan materiallary mehaniki täsirlere, ýokary temperatura durnukly bolup, nahara täsir etmeýär we onuň tagamyny üýtgetmeýär. Kompaniýanyň önümleri Türkiýeden daşary ýurtlarda-da uly meşhurlyga eýe bolup, olar indi türkmen alyjylaryna hem elýeterli boldy.



Şu günlerde «Jumbo» hem-de «Emsan» dükanlaryndan gap-gaçlary 20% arzan bahadan alyp bolýar. Bu ýerde haryt görnüşleriniň aşhana gaplary, kastrýullar, saçlar we beýleki görnüşleri bar. Harytlaryň tölegleri nagt hem-de nagt däl görnüşlerde kabul edilýär. Satyn alnan harytlar ýurduň welaýatlaryna-da eltilip berilýär.


Dükanyň ýerleşýän salgysy: «Gül Zemin» söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gaty. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 72 40 05 (Jumbo), 10 51 05 we (+993 61) 22 93 06 (Emsan). Sosial media ulgamyndaky hasaby: Jumbo; Emsan.