Türkmen hokkeýçileri Tatarystanda türgenleşmäge çagyrylýar

13:1825.01.2023
0
19460

Tatarystanyň Hokkeý federasiýasynyň we «Ak Bars» hokkeý klubynyň prezidenti Nail Maganow Kazan şäherinde Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Şeýle hem ol türkmen ýygyndysyny Kazanda türgenleşmäge çagyrdy.

Nail Maganow Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysyna Kazan şäherinde türgenleşmek we şu ýylyň 17 ― 23-nji aprel aralygynda geçiriljek dünýä çempionatynyň üçünji dwizionyna ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy.

Türkmen ýygyndysynyň şu ýylyň 14 ― 17-nji ýanwary aralygynda Kazan şäherinde geçirilen halkara ýaryşa gatnaşandygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýewiň «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habarçysyna gürrüň berşi ýaly, «Galkan» hokkeý toparynyň 18, «Şir» bilen «Oguzhanyň» bolsa hersinden bir hokkeýçi alnan milli ýygyndy ýaryşda gowy çykyş etdi. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Russiýanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Wladislaw Tretýak we Tatarystan Respublikasynyň Hokkeý federasiýasynyň we «Ak Bars» hokkeý klubynyň prezidenti, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganow bilen duşuşyklary geçirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň