Soňky habarlar

Arhiw

«FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlaryny dikeldýär

12:2624.01.2023
0
71477

2023-nji ýylyň 24-nji ýanwaryndan «FlyDubai» Dubaýdan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlaryny gaýtadan dikeltdi. Uçuşlar COVID-19 pandemiýasy sebäpli çäklendirmeler girizilende soň, 2020-nji ýylyň ýazynda togtadylypdy.

Berlen rugsatlara laýyklykda, awiakompaniýa duşenbe we penşenbe günleri Dubaýdan (DXB) Aşgabada (ASB) göni yzygiderli gatnawlary amala aşyrar we Aşgabatdan Dubaýa uçuşlar sişenbe we anna günleri bolar.

Uçarlar Dubaýdan (DXB) ýerli wagt bilen 23:55-de uçup, ertesi gün 03:25-de Aşgabat howa menziline (ASB) gonarlar. Yzyna gaýdyp gelýän uçuş sagat 04:35-de bolup, Dubaýda (DXB) wagt tapawudyny hem göz öňünde tutup 06:30-da gonar.

Uçuş wagty 2 sagat 30 minut dowam edýär. Her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär. Uçuş tertibinde üýtgeşmeler bolup biler.

Uçuşlar «Boeing 737 MAX» uçarynda amala aşyrylýar.

Düýbi Dubaýda (BAE) ýerleşýän «FlyDubai» awiakompaniýasy 100-den gowrak ugur boýunça uçuşlary ýerine ýetirýär.

Awiakompaniýanyň uçuşlary üçin petekleri «flydubai.com» web sahypasyndan we resmi ykjam programmasyndan bron edip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň