Turkmenportal logo
24.01.23
3060630606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Çeburaşka» prokatda bäş milliard rubldan gowrak girdeji toplady
 «Çeburaşka» prokatda bäş milliard rubldan gowrak girdeji topladySurat: kinoafisha.info

Režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» atly täze filminiň kassa ýygymlary bäş milliard rubldan geçdi, bu barada TASS habarlar gullugy RF-niň Filmleriň kinozallarda görkezilişi boýunça awtomatlaşdyrylan bitewi federal habar ulgamyna salgylanyp, habar berdi.


Häzirki güne çenli filmiň umumy kassa ýygymlary 5 milliard 14 million 58 müň 52 rubla deň boldy. Film ýurduň Kino gaznasynyň goldaw bermeginde surata alyndy. Rus kinosynyň bütin taryhynda «Çeburaşka» iň köp kassa ýygymyny toplan film boldy.