Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragynyň goşgular kitaby ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler

15:2118.01.2023
0
35478

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Rimde «Sandro Teti» neşirýatynyň baş direktory we esaslandyryjysy Sandro Teti we türkolog professor Federiko De Renzi bilen gepleşik geçirdi.

Duşuşygyň maksady türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyny italýan diline terjime etmek we şahyryň kitabyny neşir etmek boýunça taslamany ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy diýip, «Trend» habar berdi.

Duşuşykda Magtymgulynyň goşgularyny terjime etmegiň üstünde işleýän Sandro Teti işleriň gidişi barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde ol beýik şahyryň adamzat siwilizasiýasyna global ynsanperwer goşandyny belläp, şahyryň baş maksadynyň halklaryň arasyndaky dostlugy we doganlygy berkitmekdigini nygtady. Ol aýratyn hem beýik türkmen şahyrynyň goşgularyny terjime etmegiň Italiýanyň türkolog alymlary üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Neşir Italiýanyň okyjylaryna we alymlaryna türkmen halkynyň baý medeniýetini çuňňur öwrenmäge ýardam eder diýip, professor Federiko De Renzi duşuşykda belledi.

Magtymguly Pyragynyň goşgular kitabynyň italýan dilinde neşir edilmegi onuň doglan gününiň 300 ýyllygyna gymmatly goşant goşar. Özi-de bu kitap şahyryň eserleriniň italýan dilindäki ilkinji neşiri bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň