Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

21:5616.01.2023
0
33851
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler sebitlerdäki ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan işleriň durmuşa geçirilişi barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda öňde duran oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylýandygy, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada-da habar berildi. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatlarda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hem aýdyldy.

Häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynda we medeni-durmuş maksatly binalarda ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hem habar berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň girewidigini belledi hem-de ol işleriň talabalaýyk guralmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işlerine ünsi çekip, bu işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini hemişe gözegçilikde saklamak babatda-da häkimlere degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň medeni-durmuş maksatly binalarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi hem-de elektrik energiýasy, suw we tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça zerur çäreleriň geçirilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutany ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda welaýatlarda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkimlere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynda döwlet Baştutany pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmeginiň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi. Mary welaýatynyň häkimine ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak babatda-da görkezmeler berildi.

Soňra ýurduň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewe söz berildi. Ministr ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle hem 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, hususan-da, ýerleri mineral dökünler bilen gurplandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksadynda, şu günler ministrligiň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şeýle-de ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlap, olary möwsüme doly taýýar edip goýmak, welaýatlarda ekilmegi meýilleşdirilýän ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de gowaça ekiljek meýdanlary taýýarlamak, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak boýunça ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewe hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň