«Ýylyň göreldeli wagyzçysy» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

18:3416.01.2023
0
38952

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan geçirilýän «Ýylyň göreldeli wagyzçysy» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy. Has takygy, bäsleşikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy Perhat Çaryýew ýeňiji boldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan her ýyl yglan edilýän «Ýylyň göreldeli wagyzçysy» bäsleşiginde Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny, amala aşyrýan özgertmelerini jemgyýetçilige wagyz-nesihat etmekde tapawutlanan Türkmenistanyň raýatlary ýeňiji hökmünde kesgitlenýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň