Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow DIM-niň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullady

23:3513.01.2023
0
35507

Habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, iş meýilnamasynyň taslamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», 2022 – 2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident maksatnamasyndan, «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan», şeýle-de «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleriň esasynda işlenip düzüldi.

Resminama Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, durnukly ösüşe hemmetaraplaýyn ýardam bermek, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna goşant goşmak ýaly esasy wezipeleriň ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

Şeýle-de iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler hem beýan edilýär. Onda halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Şeýle hem

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutany wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyryp, ählumumy derejede parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary ilerletmegiň we durmuşa geçirmegiň, şeýle hem şu ýyl üçin meýilleşdirilen halkara ähmiýetli hemme çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen iş meýilnamasyny makullap, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýurduň bähbitlerini hemmetaraplaýyn goramak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý edip, türkmen döwletiniň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýyny has-da belende galdyrmak işine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň