Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Buýruga gol çekdi hem-de wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekowa berk käýinç yglan etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny wise-premýer Ç.Purçekowa soňky gezek duýdurdy.