Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Özbegistan başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini yglan etdi

10:3712.01.2023
0
51219
Türkmenistan we Özbegistan başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini yglan etdi
Surat: prezident.uz

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy başlangyç ylmy-barlag taslamalaryny bilelikde ýerine ýetirmeklige şu aşakdaky ugurlar boýunça bäsleşik yglan edýär:

1. Nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek we energetika.

2. Biotehnologiýalar, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika.

3. Häzirki zaman saglygy goraýyş we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy.

4. Ynsanperwer ylymlar.

Bäsleşige gatnaşýanlara bildirilýän talaplar:

— Bilelikdäki hödürlenýän taslamalar türkmen we özbek gatnaşyjylary tarapyndan öňünden ylalaşylmaly, soňra Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli hasaba alynmaly;

— Taslamalar türkmen we özbek alymlaryndan düzülen toparlar arkaly ýerine ýetirilmeli, onuň düzümine doktorantlar we aspirantlar goşulyp biler;

— Taslamanyň ady türkmen we özbek sargytlarynda birmeňzeş bolmaly;

— Ara alyp maslahatlaşmak üçin diňe bäsleşigiň şertlerine laýyklykda resmileşdirilen taslama teklipleri kabul edilýär;

— Her bir alyma diňe bir taslama ýolbaşçylyk etmäge rugsat berilýär;

— Bäsleşige hödürlenýän taslamanyň ady we mazmuny öň ýerine ýetirilen ylmy işler bilen gabat gelmeli däldir. Bu şertiň berjaý edilmegine jogapkärçilik taslamanyň ýolbaşçysynyň üstüne ýüklenýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar toplumyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyndan almak mümkin.

Bäsleşige gatnaşmak üçin talaplara laýyk doldurylan resminamalar toplumyny aşakda görkezilen salga ibermeli:

Bäsleşige gatnaşmak üçin resminamalar toplumy 2023-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 15-nji jaýy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 94-30-89, 94-14-52.

Degişli talaplara we görnüşe laýyklykda resmileşdirilmedik resminamalar toplumy yzyna gaýtarylmaýar.

Bäsleşik Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasynda 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen 2022 — 2024-nji ýyllarda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakyndaky Maksatnamany hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Innowasion ösüş ministrliginiň arasyndaky başlangyç ylmy-barlag taslamalarynyň bilelikdäki bäsleşigini geçirmek baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek maksady bilen bilen geçirilýär.

Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň