Turkmenportal logo
09.01.23
2720027200
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 24 million dollara golaý boldy
TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 24 million dollara golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň16-sy hasaba alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi, bu önümi Azerbaýjanyň telekeçileri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy.


Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri jemi bahasy 12 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.