Top.Mail.Ru

ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň täze başlygy saýlandy

10:0809.01.2023
0
14336
ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň täze başlygy saýlandy
Surat: kommersant.ru

Respublikaçy Kewin Makkarti ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň başlygy wezipesine saýlandy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Report.az» ýazýar.

Habarda Makkartiniň wezipä saýlanmak üçin gerek bolan sesleri 15-nji gezek geçirilen ses berlişikde alandygy aýdylýar. Öňki ses berlişiklerde oňa resmi taýdan bu wezipä bellenmek üçin gerek bolan sesleri toplamak başartmady, Makkartä şol sanda partiýadaşlarynyň hem ses bermek islemändigi bellenýär.

Ses berlişigiň netijeler boýunça Makkarti sesleriň 216-syny, onuň esasy garşydaşy, demokratlardan bolan Hakim Jefris 211-sini aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň