Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy

14:2905.01.2023
0
24513

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi tarapyndan aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýraga çagalaryň 66-sy, çagalar döredijilik toparynyň bolsa 1-i mynasyp bolmagy başardy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen dabarada Aşgabat şäherinden 22, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatyndan 9, Lebap welaýatyndan 7, Mary welaýatyndan bolsa 10 çaga Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy. Şeýle-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň «Bagtyýarlyk» çagalar tans topary baýragyň eýesi boldy.

Dabaranyň dowamynda Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamyk çagalary mynasyp bolan baýraklary bilen gutladylar. Türkmen ertekileriniň baş gahrymanlary bolsa özleriniň sahna eserlerini ýerine ýetirdiler. Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan çagalaryň ýerine ýetiren aýdymlary bolsa dabaranyň täsirini has-da artdyrdy.

Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň