Turkmenportal logo
04.01.23
1752517525
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýemen bahasy 130 million dollar bolan deňiz portuny gurmakçy
Surat: undp.medium.com

Ýemeniň hökümeti golaý aýlaryň dowamynda ýurduň Kişn etrabynda deňiz portunyň gurluşygyna başlamakçy, ol El-Mahra ülkesiniň gündogarynda ýerleşýär. Taslama üçin 130 million amerikan dollaryny bölüp bermek maksat edinilýär. Bu barada ýurduň ulag ministriniň orunbasary Naser Şuraýfa metbugata beren beýanatynda aýtdy diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Trend» habar berýär.


Golaýda Ýemeniň hökümeti «Ajham Energy & Mining Co» kompaniýasy bilen geleşige gol çekdi. Deňiz porty üç ýylyň dowamynda gurlar. Şeýle hem porta gazylyp alynýan peýdaly magdanlary daşamak üçin çekiljek ýoluň gurluşygyna 45 million dollar bölüp bermek göz öňünde tutulýar.