Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda durky täzelenen merkezi bazar ulanmaga berildi

10:2428.12.2022
0
38106

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilen Merkezi bazar dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu barada «Jeyhun.news» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, durky düýpli täzelenen bazar Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna Täze ýylyň öň ýanynda ajaýyp sowgat boldy.

Bazaryň tutýan meýdany 3 gektara golaýdyr. Onuň taslamasyny «Sagadat» hususy kärhanasynyň hünärmenleri taýýarladylar. Gurluşygyny bolsa «Mizemez Watan» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar.

Bazaryň çäginde azyk we senagat harytlaryny satýan 283 dükan ýerleşýär. Onuň 157-sinde azyk harytlary, 126-synda senagat harytlary satylýar. Dükanlarda satyjylaryň alyjylara ýokary derejede hyzmat etmekleri üçin gowy şertler döredilipdir.

Dört sany bassyrmalaryň aşagynda söwda etmek üçin 880 orunlyk tekjeler gurnalan. Şonuň ýaly-da, harytlary saklamak üçin iki sany ammar gurlupdyr. Olaryň biri azyk, beýlekisi senagat harytlary üçin niýetlenendir.

Bazaryň çäginde gurlan 4 sany kafede çaý, beýleki gyzgyn we sowuk içgileri, şonuň ýaly-da Gündogar we Ýewropa ýurtlarynyň tagamlaryny hödürleýärler. Olaryň hersi birbada 60 — 70 adama hyzmat etmäge niýetlenendir.

Döwrebap bazarda awtobuslaryň gatnawy üçin duralgalar we bu ýere gelýän raýatlaryň awtoulaglary üçin ýörite meýdançalar göz öňünde tutulypdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň