Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň gündogar sebitinde 120 müň tonnadan gowrak ýeralma ýygnaldy

19:4925.12.2022
0
28017

Geçen on bir aýda Lebap welaýatynyň ähli hojalyklarynda ýeralmanyň 120,2 müň tonnasy öndürildi. Bu barada «Jeyhun.news» ýazýar. Netijede, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 1,6 göterim ösüş gazanyldy.

Bu babatda Çärjew etrabynyň daýhanlary has ýokary netijeleri gazandylar. Etrapda şu döwre çenli ýeralmanyň 36,6 müň tonnasy ýygnaldy. Bu babatda iň ýokary ösüş depgini bolsa Saýat etrabynda gazanyldy. Etrabyň ekerançylary geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 30,9 göterim ösüş depginini gazandylar we ýeralmanyň 27,1 müň tonnasyny alyjylara hödürlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň