Soňky habarlar

Arhiw

«Aýbölek» mebel kärhanasy tamamlanýan ýylyň netijelerini jemleýär

09:5027.12.2022
0
26330

Türkmenistanda mebel önümçiliginde öňdebaryjylaryň hatarynda iş alyp barýan «Aýbölek» mebel kärhanasy tamamlanýan ýylda diňe bir önümçiligini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, daşarky bazarlara hem önümlerini hödürläp başlady. 2010-njy ýyldan bäri «Aýbölek» mebel kärhanasynda ýumşak we gurluşly mebeller taýýarlanylyp, olar Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň sarp edijilerinde uly gyzyklanma döredýär.

2022-nji ýylda «Aýbölek» kärhanasy daşary ýurtlaryň binalary üçin mebel taýýarlamak we üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Munda partalar, stullar, kitap tekjeleri, okuw synp tagtalary we stellažlar ýaly önümleri Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäheriniň Al Faraby adyndaky uniwersitetine we gurulýan iki sany mekdebe ugratmak nazarda tutuldy. Mundan başga hem «Aýbölek» mebellerini Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýerleşýän täze mekdep we çagalar baglary üçin sargyt etdiler.

Geljek ýylda bolsa Türkmenistanyň okuw jaýlary «Aýbölek» mebelleri bilen üpjün ediler. Bu babatda kärhana ýurduň Bilim ministrligi tarapyndan umumylykda 33 300 sany bolan okuw hem-de beýleki mebelleri taýýarlamak boýunça yglan edilen tenderde ýeňiş gazandy.

«Aýbölek» mebel önümleri şeýle-de häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan çagalar baglarynda hem-de mekdeplerde giňden peýdalanylar.

Şu ýylyň dowamynda bolsa kärhana ýurduň ykdysady üstünliklerini görkezýän sergilerde — Aşgabat şäherinň esaslandyrylan gününe bagyşlanyp maý aýynda guralan «Ak şäherim Aşgabat» atly sergide hem-de Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilen sergide önümlerini köpçülige tanyş etdi.

«Aýbölek» mebel kärhanasynyň önümleri halkara bilermenleriniň hem oňyn bahalaryna mynasyp boldy. Kärhana Ýewropanyň hil gözegçilik jemgyýeti tarapyndan hyzmatlaryň hili boýunça gowşurylýan «Quality Choice Prize 2022» halkara hil baýragyny gazandy. Bu baýragyň gowşurylyş dabarasy şu ýylda Barselona şäherinde (Ispaniýa) geçirildi. Degişli hormatly baýragy kärhananyň ikinji ýola gazanandygyny bellemek gerek.

«Aýbölek» mebel kärhanasy Aşgabat şäheriniň Andalyp köçesiniň 80-nji jaýynda ýerleşýär. Telefon belgileri: (+993 12) 47 01 03 we (+993 12) 47 01 04.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň