Soňky habarlar

Arhiw

«Altyn asyr» «Şagadamy» utup, sekizinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogynyň eýesi boldy

17:1923.12.2022
0
46281

«Altyn asyr» 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçen oýunda «Şagadamy» ýeňlişe sezewar etdi. Aşgabatda geçirilen duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

«Altyn asyra» ýeňiş getiren gollary Myrat Annaýew (31-nji minut, penalti), Yhlas Toýjanow (67-nji minut) we Altymyrat Annadurdyýew (76-njy minut) geçirdi. «Şagadamyň» düzüminde Kerim Hojaberdiýew (3-nji minut) tapawutlandy.

Şeýlelikde, «Altyn asyr» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, Naýbaşy kubok üçin oýunda meýdança çykan «Altyn asyr» 2021-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan bolsa, «Şagadam» geçen ýyl Türkmenistanyň Kubogyna (2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek) eýe çykypdy.

Maglumat üçin, «Altyn asyr» öz taryhynda sekizinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp boldy. «Aragatnaşykçylar» mundan ozal 2015-nji, 2016-njy, 2017-nji, 2018-nji, 2019-njy, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda bu baýragyň eýesi bolupdylar.

Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna «Altyn asyrdan» başga-da «Balkan (öňki «Nebitçi») we HTTU toparlary üç gezekden, «Aşgabat», «Merw» we «Ahal» toparlary bir gezekden mynasyp boldular.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny almak üçin şu möwsümde ýurduň çempiony bolan «Ahal» bilen wise-çempion «Altyn asyr» özara güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň