Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda türkmen topary «STEAM-Azerbaýjan – 2022» halkara festiwalynda kümüş medala eýe boldy.
Festiwal bäsleşik görnüşinde 10 ugur boýunça geçirildi. Şeýle hem, çäre bilen ugurdaşlykda häzirki zaman ösen innowasion taslamalarynyň sergisi hem geçirildi.
Bäsleşige türkmenistanly ýaşlar robot tehnikalary we hakaton ýaly taslamalaryny hödürlediler.
Şeýlelikde, okuwçylar toparyndan Maksat Kakajanow, Polat Baýramow, Kümüş Jumalyýewa, Gülhatyja Ataýewa, Rahatgeldi Ataýew, Merdan Muhammetorazow dagy bäsleşigiň 2-nji ornuna mynasyp boldular.
Şeýle hem 2-nji ýeri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary Şawkat Şöhradow, Ýakup Welliýew hem-de Aziz Bibitowdan düzülen talyplar topary gazandy.
Türkmen toparyna Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň himiýa mugallymy Amanmyrat Töräýew we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy Begli Begjanow ýolbaşçylyk etdi.
Mundan başga-da, çäräniň dowamynda festiwala gatnaşyjylar üçin Bakuwyň taryhy we medeni ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy.
«Нейтральный Туркменистан» gündelik gazetiniň habaryna görä, festiwalda 300-den gowrak toparyň düzüminde 900-e golaý ýaşlar gatnaşdy.