Turkmenportal logo
19.12.22
2665226652
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan karate boýunça Aziýanyň çempionatyna iki bürünç medal bilen girişdi
Türkmenistan karate boýunça Aziýanyň çempionatyna iki bürünç medal bilen girişdi

Türkmenistanly karateçiler Özbegistanyň Daşkent şäherinde başlan karate WKF boýunça ulularyň, kadetleriň, ýaşlaryň we ýaşy 21-e ýetmedik türgenleriň arasyndaky Aziýa çempionatyn bürünç medallaryň ikisi bilen girişdiler.


60 kilogram agram derejesinde çykyş eden 16 ýaşly Magtymguly Annaýew hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagy başardy. Mundan başga-da, 75 kg-de bäsleşen 17 ýaşly karateçimiz Hemra Begjanow şeýle üstünlige ýetdi.


Heniz türkmen ýygyndysynyň dünýäniň 28 ýurdundan 700-den gowrak türgeni jemlän Aziýa çempionatynda uly üstünlikleri gazanmagyna garaşylýar. Çünki çempionatda çykyş edýän milli ýygyndymyza 24 türgen agzalyk edýär.