Turkmenportal logo
16.12.22
1664216642
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2023-nji ýyldaky klublaýyn dünýä çempionaty Marokkada geçiriler
2023-nji ýyldaky klublaýyn dünýä çempionaty Marokkada geçiriler

Nobatdaky klublaýyn dünýä çempionaty 2023-nji ýylyň 1 ― 11-nji fewraly aralygynda Marokkoda geçiriler. Bu barada FIFA-nyň resmi saýty habar berdi.


Oňa alty yklymyň iň güýçli toparlary we Marokkonyň häzirki çempiony gatnaşar. Şeýlelikde, ýaryş ýedi toparyň ― «Real Madridiň» (Ispaniýa), «Flamengonyň» (Braziliýa), «Al-Hilalyň» (Saud Arabystany), «Al-Ahliniň» (Müsür), «Oklend Siti» (Täze Zelandiýa), «Sietl Saunders» (ABŞ) we «Widadyň» (Marokko) arasynda geçiriler.


Bu ýaryş her ýyl geçirilýär we onuň netijesinde dünýäniň iň güýçli futbol kluby kesgitlenilýär. Geçen dünýä çempionaty tamamlanyp barýan ýylyň 3 ― 12-nji fewraly aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilip, Angliýanyň «Çelsi» toparynyň çempionlyyg bilen tamamlanypdy.