Top.Mail.Ru

Türkmenistanda Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy

21:3915.12.2022
0
35778

Şu gün Aşgabadyň «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan belent başly Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, giň gerimde ýaýbaňlandyrylan bu çäre Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabaralaryň başyny başlady.

«Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada oturdylan Baş arçanyň ýanyna gelmezden öň, Aýazbabadyr Garpamyk «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezine, Türkmen döwlet gurjak teatryna bardylar.

Ýurduň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy şowhunly pursatlara, medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlaryna, aýdym-sazlara beslendi. Bu waka, esasan-da, şadyýan körpelere ýatdan çykmajak bagtly pursatlary peşgeş berdi. Olaryň arasynda welaýatlardan gelen çagalar hem bar. Hemmeler Täze ýylyň baş gahrymanlaryny — Aýazbabadyr Garpamygy uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň hereketi bilen, ýurduň Baş arçasynyň köpöwüşginli yşyklary dabaraly ýagdaýda ýakyldy.

Müňlerçe oýnawaçlardan we yşyklandyryjylardan bezegi ýeten, Russiýa Federasiýasyndan getirilen, depesine «2023» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan bu owadan arçanyň beýikligi 43, ini 16 metre barabardyr.

Paýtagtyň dürli künjeklerinde, şol sanda edara-kärhanalaryň binalarynyň öňünde dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arçalar ýetip gelýän Täze ýyl baýramynyň özboluşly nyşany hasaplanýar.

Aşgabatdaky Baş arçanyň yşyklary ýakylandan soňra, ýurduň welaýatlarynyň, şäherleriniň we etraplarynyň baş meýdançalarynda oturdylan Täze ýyl arçalarynyň hem yşyklary ýakyldy. Şeýlelikde, ajaýyp arzuwlar, ýakymly duýgular bilen garaşylýan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurduň çar künjeginde sungat ussatlarynyň konsertlerine, dabaralara we beýleki baýramçylyk çärelerine badalga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň