Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda täze ilçiler işe başladylar

23:0909.12.2022
0
22314

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu gün Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Gresiýa Respublikasynyň, Latwiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçileri Türkmenistanda diplomatik işine girişmegi bilen gutlap, dostluk gatnaşyklaryny we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda olara üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşyklaryň barşynda diplomatlar Türkmenistanda mähirli kabul edilendikleri üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli öz döwletleriniň ýolbaşçylarynyň gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Şeýle-de ilçiler sebitiň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edilen, ählumumy bähbitlere netijeli dialogy ýola goýmaga ýardam berýän Türkmenistanda öz ýurtlaryna wekilçilik etmegiň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar.

Duşuşyklaryň dowamynda ilçiler Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem olara ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň köptaraplaýyn işi we düzümleri barada gürrüň berildi.

Pikir alyşmalaryň barşynda ilçiler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň, iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler. Şeýle hem diplomatlar öz ýurtlarynyň parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, sebitde we dünýäde durnukly ösüşiň gazanylmagyna saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny goldaýandyklaryny bellediler.

Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwaty barada aýtmak bilen, ilçiler söwda-ykdysady, ylym we bilim ulgamlarynda döwletara gatnaşyklary, şeýle hem dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän medeni dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatlaryny gowşuran diplomatlar öz ýurtlarynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň