Turkmenportal logo
07.12.22
1479514795
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«PepsiCo» içgileriniň 30 göterimini gaýtadan işlenilýän gaplarda satmakçy

Amerikanyň «PepsiCo Inc» kompaniýasy alkogolsyz içgileriniň gaýtadan işlenilýän gaplarda ýerlenýän möçberini barha artdyrmakçy, bu görkeziji 2030-njy ýylda häzirki 10 göterimliginden 20 göterime çenli artar diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Bu barada «Interfax.ru» habar berýär.


Çüýşeleriň gaýtadan ulanylmagy kompaniýanyň gaplaryň düzümindäki ilkinji plastigiň möçberini 2030-njy ýyla çenli 50 göterime çenli azaltmak boýunça meýilnamasynyň esasy maksady bolup durýar. Netijede, 2040-njy ýylda doly uglerod bitaraplygyny gazanmak göz öňünde tutulýar.