Turkmenportal logo
07.12.22
1519315193
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Londonda ilkinji «Halal Expo» halkara sergisi geçdi
Surat: 24.kz

Beýik Britaniýanyň paýtagtynda ilkinji gezek «Halal Expo» halkara sergisi geçirildi diýip, «Habar 24» ýazýar.


Serginiň guramaçylary ýüzlerçe özboluşly harytlary bir ýere jemlemegi başardylar. Bu ýerde çaga oýnawaçlaryndan başlap, halylardyr köçe iýmitlerine çenli tapmak bolýar. Serginiň myhmanlary onuň çalt depginde ösýän ählumumy halal bazaryna mahsus bolan harytlardyr hyzmatlary gözläp tapmak, şeýle-de bu bazaryň marketingi bilen gyzyklanýanlar üçin ajaýyp mümkinçilikdigini aýdýarlar.


Ýeri gelende bellesek, halal-işewürligiň pudagy häzirki wagtda 2 trillion dollardan gowrak bahalanýar.