Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulýan ýerine gelip, bu ýerde merkeziň 1-nji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk boýunça iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Iş maslahatyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary hem-de beýleki degişli jogapkär ýolbaşçylar gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň 1-nji tapgyrynyň gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigi bilen baglylykda, guramaçylyk meseleleri, şeýle-de welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň açylyş dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, toý-dabaralara beslenip geçirilmegi bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Maslahatda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Şeýle ajaýyp täze şäheriň gurluşygynyň taryhda altyn harplar bilen yz galdyryşy ýaly, onuň açylyş dabarasy hem adamlaryň ömürlik ýadynda galmalydyr. Bu türkmen halkynyň toý tutmagy başarýan halkdygyny hem bütin dünýä subut etmelidir. Şäheriň açylyş dabarasy beýleki milli baýramlarymyzdan artyk bolmasa, birjik-de kem bolmaly däldir – diýip, iş maslahatynda nygtady.