Soňky habarlar

Arhiw

Gazagystan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny işjeňleşdirýär

10:4230.11.2022
0
13573
Gazagystan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny işjeňleşdirýär
Surat: primeminister.kz

Gazagystan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluny işjeňleşdirdi diýip, «Kazinform» Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, söwda we integrasiýa ministri Serik Žumangariniň Gazagystan bilen Russiýanyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlyk forumynda eden çykyşyna salgylanyp habar berdi.

— Biz geçelgäniň gündogar şahasyny Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly arkaly işjeňleşdirdik. Häzirki wagta çenli Pars aýlagynyň kenaryndaky Bandar Abbas portuna barýan ýoluň ortaça üstaşyr wagty on gün – diýip, Serik Žumangarin belleýär.

Ministriň aýtmagyna görä, şu ýyl ilkinji gezek bu ugurda rus otlusy işe girizildi. Bu babatda ol şu ýylyň iýun aýynda ilkinji gezek gurluşyk materiallary ýüklenen konteýner otlusynyň Russiýadan bu geçelge arkaly Hindistana iberilendigini belledi.

— Şu ýylyň dokuz aýynda eýýäm 80 müň töweregi ýük daşaldy, bu bolsa geçen ýyldakydan sekiz esse köpdür – diýip, Žumangarin Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň