Turkmenportal logo
26.11.22
3212032120
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Rus şarflary türkmen bazaryndaky ornuny giňeldýär
Rus şarflary türkmen bazaryndaky ornuny giňeldýär

Russiýanyň Pawlowoposad zenan lybaslary kärhanasy öz önümlerini Türkmenistana we Gazagystana eksporta ugratdy. Bu barada kärhananyň direktorynyň orunbasary Wýaçeslaw Dolgow TASS agentligine habar berdi.


«Häzirki wagtda Ýewropa we Amerika bazaryna önüm ugradamzok. Olar bilen hyzmatdaşlyk 2014-nji ýylda peselip başlady we häzirki wagtda hiç hili ýok. Indi täze bazarlar ― Türkmenistan we Gazagystan bilen işleşäris. Mundan başga-da käbir önümlerimizi Belarusa ugradýarys» diýip, ol söhbetdeşlikde aýtdy.


Kärhana önümleriniň 10 göterimini eksporta ugradýar. Hünärmenler Russiýada öndürilýän şarflaryň Türkmenistanda uly islegden peýdalanýandygyny aýdýarlar.