Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan ýaşlara döredilýän ýeňillikleri artdyrar

20:5324.11.2022
0
18157

«Döwlet ösüp gelýän ýaş nesliň aň-düşünjeli, bilimli bolmagy ugrunda hem ýeterlik derejede alada edýär» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde aýtdy.

Bellenilişi ýaly, ýaňy-ýakynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary — Halk Maslahaty we Mejlis «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul etdi. Bu Kanunda ýaşlarymyz baradaky alada beýan edilendir.

«Ýaşlar biziň geljegimizdir! Geljekde eziz Watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we bütin dünýäde halkara abraýy ýaşlara baglydyr» diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şoňa görä-de, ýaşlarymyzyň bilim-terbiýe almagy bilen bagly soragyň hiç wagt ünsden düşürilmeli däldigine ünsi çekdi. Bu ugurda ikinji derejeli hiç zat ýokdur. Ähli zat örän möhümdir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýaşlarymyza kanuny esaslarda berilýän ýeňillikleriň hökman durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Ýöne bu ýeňillikler hem maliýeleşdirmek we serişdeler bilen üpjünçilik ýaly soraglara baglydyr.

Şoňa görä-de, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde bu ýagdaýy göz öňünde tutmagyň, şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Şonuň bilen birlikde, aýdylanlar nazara alnyp, býujetiň degişli maddalaryny gaýtadan hasaplamak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň