Soňky habarlar

Arhiw

Sowuklama garşy iň peýdaly önümler salgy berildi

15:1821.11.2022
0
37187
Sowuklama garşy iň peýdaly önümler salgy berildi
Surat: gastronom.ru

Köçede howa barha sowaýar, diýmek, sowuklama ýolugmak ähtimallygy-da artýar. Öz bedeniňi goldamak üçin iýmitlenişe peýdaly önümleri goşmak gerek diýip, «utro.ru» saýty ýazýar.

Munuň üçin hünärmenler açyk reňkli miweleridir gök-bakja önümlerini köpräk iýmegi maslahat berýärler, sowuklama garşy iň peýdalylar bolsa pyrtykal, erik, kelem we kädidir.

Sowuklama döwründe bedene sink gerek, şonuň üçin ýagsyz sygyr etini, hozlary we noýba iýmek gerek.

Lukmanlar mundan başga-da köpräk suwuklyk içmegi maslahat berýärler, şunda iň peýdalysy ýaprakly gök çaýdyr. Ol düzüminde immun ulgamyny oňat goldaýjy bolan peýdaly maddalary saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň