Şu gün, 20-nji noýabrda, futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda Kataryň we Ekwadoryň milli ýygyndy toparlary duşuşar.
Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlar.
Oýun 60 000 tomaşaçy kabul edip bilýän «El Baýt» stadionynda geçiriler. Bu duşuşyk 20-nji noýabrda meýilleşdirilýän ýeke-täk oýun bolar.
Oýun «Match» teleýaýlymynda göni ýaýlymda alnyp görkeziler.
Ýer eýesi Kataryň ýygyndysy Ekwadoryň, Senegalyň we Niderlandlaryň ýygyndy toparlary bilen «A »toparçasynda duşuşar. Toparçanyň netijelerinden soň iki ýygyndy topar ýaryşyň 1/8 finalynda oýnamaga mümkinçilik alar.
Bir gün soň, 21-nji noýabrda, «A »toparçadaky 1-nji tapgyryň ýene bir oýny bolar. Ýagny Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da Senegalyň we Niderlandlaryň milli ýygyndy toparlary «El Tumama» stadionynda duşuşarlar.