Aşgabatda meşhur italýan sazandalarynyň hormatyna konsert berler

16:4619.11.2022
0
23560
Aşgabatda meşhur italýan sazandalarynyň hormatyna konsert berler

26-njy noýabrda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda dünýä belli üç italýan sazandalary — kompozitor Žoakkino Rossinine, skripkaçy Žuzeppe Tartinine we Nikkolo Paganinine bagyşlanan konsert geçiriler.

Konsert 18:00-da başlar we giriş tölegsiz bolar.

Şu ýyl onlarça opera döredijisi Žoakkino Rossininiň 230 ýyllygy bellenilýär. «Sewilýanyň dellekhanasy», «Zoluşka», «Müsürdäki Musa» we «Wilgelm Tell» operalary kompozitoryň iň meşhur eserleridir. Rossini diňe bir italýan operasyny janlandyryp özgertmän, eýsem ol XIX asyryň tutuş Ýewropa opera sungatynyň ösmegine-de uly täsir edipdir.

330 ýyl ozal, XVIII asyryň iň uly skripka wirtuosy hasaplanýan italýan skripkaçysy we kompozitory Žuzeppe Tartini dünýä indi. Onuň skripka çalmak we kämilleşdirmek babatda eden işleri abyrsyzdyr.

Skripka zehini Nikolo Paganininiň dünýä inenine bolsa 240 ýyl geçdi. Paganininiň deňi-taýy bolmadyk üstünligi diňe bir çuňňur aýdym-saz zehininde däl, eýsem ussatlyk bilen özleşdiren we döwürdeşleriniň hiç biriniň gaýtalap bilmejek täsin tehnikasynda-da ýüze çykypdyr. Onuň sazlarynyň täsiri diňe bir köpçüligi däl, eýsem professional sazandalary-da özüne çekipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň