Soňky habarlar

Arhiw

23 — 25-nji noýabrda Türkmenistanda Täjigistanyň Medeniýet günleri geçiriler

23:1718.11.2022
0
20014

Habar berşimiz ýaly, şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabatynyň çäklerinde, şu ýylyň 23 — 25-nji noýabry aralygynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň geçirilmegine görülýän taýýarlyk işleri barada hem aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Medeniýet günleriniň çäklerinde Täjigistanyň häzirki zaman suratkeşleriniň şekillendiriş sungatynyň eserleriniň, neşir önümleriniň, milli lybaslarynyň sergisiniň, şeýle hem birnäçe beýleki medeni çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, beýleki halklar bilen dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda şeýle medeni çäreleriň möhüm ähmiýetlidigini belledi hem-de bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň