Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Mustafa Şentopy kabul etdi

15:5018.11.2022
0
15943
Serdar Berdimuhamedow Mustafa Şentopy kabul etdi
Surat: aa.com.tr

Ozal habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop iki günlük sapar bilen Türkmenistanda bolýar. Şu gün Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi. Duşuşykda iki dostlukly ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Anadolu» habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşygyň başynda Mustafa Sentop türkmen Liderine Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman dostlukly ýurda amala aşyrýan saparyndan örän hoşaldygyny mälim edip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine ynam bildirdi.

Ol şu ýyl ýola goýulmagyna 30 ýyl dolan türkmen-türk diplomatik gatnaşyklarynyň häzirki derejesini kanagatlanma bilen belläp, resmi Ankaranyň dünýäde ilkinji bolup Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar edendigine buýsanýandygyny nygtady.

Mundan başga-da, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara goşan şahsy goşandyna aýratyn ünsi çekdi hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ýokary derejä göteriljekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Mustafa Şentop Türkiýäniň halkara giňişliginde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny we tekliplerini goldamagyny dowam etdirjekdigine ynandyrdy.

Iki dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna degip geçmek bilen, Şentop özara söwda dolanyşygynyň ýakyn wagtda 5 milliard dollara ýetjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem, Türkiýäniň ýangyç-energetika pudagynda, şol sanda Hazar deňziniň üsti bilen Günbatar bazarlaryna gaz eksporty meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň