Soňky habarlar

Arhiw

Jalilow: «Berdiýew ― karýeramdaky iň güýçli tälimçidi»

11:4118.11.2022
0
9587

«Rubiniň» ozalky täjigistanly ýarym goragçysy Alişer Jalilow Gurban Berdiýewiň karýerasyna iň esasy goşandy goşan tälimçidigini aýtdy.

«Belki, men onuň bilen az işleşendirin, ýöne ol meniň sport ýolumda iň gowy tälimçi hökmünde öz yzyny goýdy. Men beýle tälimçini heniz görmändim.

Onda hiç hili ownuklyk ýok, ähli tabşyryklary anyk we aýdyňdy. Ol türgenleşikleriň tertibini hem jaýdar guraýardy. Ondan soň men kän tälimçi bilen işleşdim, ýöne Gurban Berdiýew ýalysy ýokdy.

Gurban Bekiýewiç az gürleýärdi, hemişe işiniň başyndady. Ol örän talapkär adam. Biz ondan rugsat alman, özbaşdak hereket etmäge ýaýdanýardyk» diýip, «Metaratings» Jalilowyň aýdanlaryny getirdi.

Gurban Berdiýew «Rubinde» 2001 ― 2013-nji, soňra 2017 ― 2019-njy ýyllar aralygynda işledi. Jalilow «Rubinde» 2011 ― 2017-nji ýyllar aralygynda futbol oýnapdy.

Täjigistanda iki gezek ― 2019-njy we 2021-nji ýyllarda iň gowy futbolçy hökmünde ykrar edilen Jalilow häzir karýerasyny Özbegistanyň AGMK toparynda dowam etdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň