Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Uganda Respublikasynyň ilçisi bilen gepleşik geçirildi

21:0714.11.2022
0
18704
Aşgabatda Uganda Respublikasynyň ilçisi bilen gepleşik geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran ş.) jenap Muhammat Tezikuba Kisambira özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurmak maksady bilen Aşgabada geldi. Bu barada DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Taraplar mähirli salamlaşandan soň, Türkmenistan bilen dürli ugurlarda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejeli saparlaryň, şeýle hem iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Hyzmatdaşlyk üçin hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurlygy hem nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, ilkinji ädim hökmünde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany we 2023-2024-nji ýyllar üçin Daşary işler ministrlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny işläp taýýarlamak we gol çekmek teklip edildi.

Duşuşykda köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygyň geljegi we BMG-niň özara gyzyklanma gün tertibindäki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu prosesi öňe sürmek üçin işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda duşuşyklary guramagyň möhümdigini bellediler.

Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurandan soň, ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlaglar we Uganda halkynyň adyna aýdylan iň gowy arzuwlar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň