Ozal habar berşimiz ýaly, 11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere seredildi hem-de pudaklary ösdürmäge gönükdirilen käbir resminamalar kabul edildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumyň açylyş dabarasyny Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Festiwalyň çäklerinde dürli çäreler, şol sanda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň dostluk konsertini, döredijilik duşuşyklaryny, sergileri, teatr artistleriniň sahna oýunlarynyň we filmleriň görkezilişini guramak meýilleşdirilýär.
Myhmanlar üçin «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna baryp görmek göz öňünde tutulýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, goňşy Özbegistan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmegiň döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany bu döredijilik çäresiniň öňden gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hem-de iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, festiwalyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady hem-de wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.