Soňky habarlar

Arhiw

Balkan we Daşoguz welaýatlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler

10:5812.11.2022
0
19974

Habar berşimiz ýaly, 11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem «Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakyndaky» Permanyň taslamasy barada hasabat berdi.

Şeýle-de wise-premýer ýurtda bugdaý ekişini öz möhletinde üstünlikli tamamlamak üçin ähli tagallalaryň edilýändigini habar berdi.

Hasabatda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak boýunça toplumlaýyn işleriň geçirilýändigi barada hem aýdyldy.

Wise-premýer Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň «ak altyn» hasylyny ýygnamak hem-de Daşoguz welaýatynyň daýhanlarynyň şaly öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba zähmetkeşlerini şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutany oba hojalyk toplumynyň ýurduň milli ykdysadyýetindäki möhüm ornuny belläp, alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini hem-de pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur işleriň geçirilmelidigini aýtdy hem-de wise-premýere bu meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň