«Türkmentel—2022» sergisinde Milli One atly ilkinji türkmen antiwirusy tanyşdyryldy

19:4110.11.2022
2
31571

Şu gün Aşgabatda geçirilen 15-nji «Türkmentel—2022» sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde «Tehnomerkezi» hojalyk jemgyýeti hem-de Türkmentehnogurluşyk» ÝGPJ tarapyndan bilelikde taýýarlanan ilkinji türkmen antiwirusy — Milli One Endpoint Security köpçülige tanyşdyryldy.​

Täze antiwirus Windows we Mac porogramma üpjünçiligini goldaýan ähli gurluşlar üçin elýeterlidir. Milli One antiwirusynda poçta, web howplaryna we tor hüjümlerine garşy gorag modullary bar, şeýle-de ol gizlin zyýanly programma üpjünçiliginden goraýar.

Işläp düzüjileriň pikiriçe, bu antiwirusyň kömegi bilen ulanyjylar öz programmalary bilen ofisdäki islendik enjamda ýa-da uzakdan howpsuz işläp bilerler.

Milli One Endpoint Security aýratyn serwer ýa-da howpsuzlyk syýasaty talap etmeýär.​ Ulanyjylar internete birigen pursatlaryndan antiwirusyň goragyndan peýdalanyp başlaýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň