Turkmenportal logo
09.11.22
1449814498
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» ahyrky sekuntlarda utulyşdan halas boldy
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» ahyrky sekuntlarda utulyşdan halas boldy

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary 19-njy tapgyrdaky duşuşygyny Mary şäherinde myhmançylykda geçirdi. Ýerli «Merw» bilen bolan bu duşuşykda «Altyn asyr» utulyşdan ahyrky sekuntlarda halas boldy.


Has takygy, «Merw» 63-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň geçiren goly bilen öňe saýlandy. «Altyn asyr» bolsa hasaby diňe goşmaça wagtyň 5-nji minudynda Zafar Babajanowyň geçiren goly bilen deňläp bildi.


Şeýlelikde, 19 duşuşykda 42 utuk toplan «Altyn asyr» ikinji orundaky ýerini goraýar. Ýöne «aragatnaşykçylar» indi kerwenbaşydan 9 utuk yza galdylar. 30 utukly «Merw» bolsa üçünji orunda.


Bu duşuşykdan soň «Altyn asyryň» utulyşsyz duşuşyklarynyň sany 10 oýna çykdy.


«Merw» indiki duşuşygyny 13-nji noýabr güni myhmançylykda «Ahal» bilen geçirer. «Altyn asyr» bolsa 14-nji noýabr güni «Aşgabat» bilen güýç synanyşar.