ÝÇL: 1/8 final tapgyryna bije çekildi

17:0607.11.2022
0
17397
ÝÇL: 1/8 final tapgyryna bije çekildi
Surat: champions.football.ua

Biraz ozal Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropanyň çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyryna bije çekildi. Bijäniň netijeleri janköýerleriň 1/8 final tapgyrynda «Liwerpul»—«Real», «Milan»—«Tottenhem», «PSŽ»—«Bawariýa» ýaly dartgynly duşuşyklarynyň şaýady bolmaklaryna şert döretdi. Bijäniň netijeleri bilen aşakda dolulygyna tanşyp.bilersiňiz.

ÝÇL 1/8 final tapgyry:

  • «Leýpsig» — «Mançester Siti»;
  • «Brýugge» — «Benfika»;
  • «Liwerpul» — «Real»;
  • «Milan» — «Tottenhem»;
  • «Aýntraht» — «Napoli»;
  • «Borussiýa» Dortmund — «Çelsi»;
  • «Inter» — «Portu»;
  • «PSŽ» — «Bawariýa».

Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň 1/8 final tapgyrynyň deslapky duşuşyklary 2023-nji ýylyň 14-15-nji hem-de 21-22-nji fewralynda, jogap oýunlary bolsa 7-8-nji we 14-15-nji martynda geçiriler. Jübütliklerde ady ikinji getirilen (öz toparçasynda birinji ýeri eýelän klublar) toparlar jogap oýunlaryny öz öýünde oýnarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň