Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 9-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Bu tapgyryň merkezi duşuşygynda «Ahal» bilen «Altyn Asyr» toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda netijeli oýnan «Altyr Asyr» toparynyň ýaşlar düzümi nobatdaky ýeňşini gazandy (0:1).
Paýtagtymyzda «Köpetdag II» bilen «Aşgabat II» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda hasap açylmady (0:0).
Türkmenbaşyda ýerli «Şagadam II» topary Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul edip, 7:4 hasabynda ýeňiş gazandy.
Mary şäherinde geçirilen duşuşykda «Merw» bilen «Energetik» deňme-deň oýnadylar (1:1).
Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 27 utuk toplan «Altyn Asyr II» topary ýaryş tertibinde birinji orny eýelemegini dowam edýär. Ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Ahal II» (18 utuk) hem-de «Şagadam II» (14 utuk) toparlary eýeleýärler.
Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň onunjy tapgyrynyň duşuşyklary 12-nji noýabrda geçiriler: «Aşgabat-II» – «Merw-II», «Energetik-II» – «Ahal-II», «Altyn Asyr-II» – «Şagadam-II», «Nebitçi-II» – «Köpetdag-II».
9-njy tapgyryň duşuşyklary:
«Şagadam II» – «Nebitçi II» – 7:4
«Köpetdag II» – «Aşgabat II» – 0:0
«Merw II» – «Energetik II» – 1:1
«Ahal II» – «Altyn Asyr II» – 0:1
Çempionatyň tablisasy:
T/b Toparlar O Ý D U T U 1. «Altyn Asyr II» 9 9 0 0 28-5 27 2. «Ahal II» 8 6 0 2 25-7 18 3. «Şagadam II» 7 4 2 1 18-13 14 4. «Aşgabat II» 9 3 2 4 9-9 11 5. «Köpetdag II» 9 3 2 4 14-10 11 6. «Merw II» 8 2 1 5 4-14 7 7. «Nebitçi II» 8 1 2 5 16-27 5 8. «Energetik II» 8 0 1 7 4-33 1

