Turkmenportal logo
06.11.22
1682716827
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň U-14 ýygyndysynyň CAFA ― 2022-däki duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Türkmenistanyň U-14 ýygyndysynyň CAFA ― 2022-däki duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň futbol boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşar.


Ýaryş 11 ― 18-nji noýabr aralygynda Täjigistanyň Gissar şäherinde geçiriler.


Sebitleýin ýaryşa bäş topar ― Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýetginjekler ýygyndylary gatnaşýar. Ýaryşyň çäginde bäş tapgyrda 10 duşuşyk geçiriler. Duşuşyklaryň ählisini Gissar şäherindäki Merkezi stadionda geçirmek meýilleşdirilýär. Sebitleýin ýaryş bir aýlaw görnüşinde geçiriler.


Duşuşyklaryň tertibi


1-nji tapgyr


11-nji noýabr (anna)


11:30 – Özbegistan – Türkmenistan


16:00 – Eýran – Owganystan


2-nji tapgyr


12-nji noýabr (şenbe)


11:30 – Türkmenistan – Täjigistan


16:00 – Özbegistan – Eýran


3-nji tapgyr


14-nji noýabr (duşenbe)


11:30 – Täjigistan – Özbegistan


16:00 – Owganystan – Türkmenistan


4-nji tapgyr


16-njy noýabr (çarşenbe)


11:30 – Owganystan – Özbegistan


16:00 – Eýran – Täjigistan.


5-nji tapgyr


18-nji noýabr (anna)


11:30 – Türkmenistan – Eýran


16:00 – Täjigistan – Owganystan.