Täjigistanda «Sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen zenanlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň giňeldilmegi» diýen at bilen maslahat geçirilýär diýip, «MIR 24» habar berýär.
Bu taslama telekeçi zenanlary goldamak maksady bilen amala aşyrylýar. Konferensiýada zenanlara diňe täze başarnyklar, mysal üçin, konditer we aşpezlik öwredilmän, eýsem, öz harydyňy nädip satmalydygy, öz işewürligiňi ýola goýmak barada okuwlar geçilýär.
Maksatnama uly islegden peýdalanýar, toparlaryň her birinde adatça 15 adam bolmaly, emma olara eýýäm 20 adam ýazylypdyr. Taslama Duşanbede durmuşa geçirilýär, oňa beýleki şäherlerden hem gatnaşmak isleýänler köp. Olar ikinji tapgyra goşular.
Çäräni Täjigistanyň Maýa goýumlary boýunça döwlet komiteti hem-de Telekeçi-zenanlaryň milli assosiasiýasy guraýar.
«Bu taslamanyň çäklerinde biz bir müň zenana işewürlik ukyp-başarnyklaryny öwretmegi maksat edinýäris. Olaryň 300-si oflaýn hem-de 700-si onlaýn görnüşde bolar. Biziň hyzmatdaşlarymyz TJ internet meýdançasynyň üstünde işleýärler. Onuň esasynda bolsa biziň zenanlarymyz önüm öndürmek bilen, olary öýlerinden çykman onlaýn söwdalar arkaly satyp bilerler» diýip, Telekeçi zenanlaryň milli assosiasiýasynyň başlygy Sabohat Rahimzoda gürrüň berýär.
Bu Täjigistanyň we Özbegistanyň bilelikdäki taslamasydyr.
