Soňky habarlar

Arhiw

Abu-Dabi howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşýar

13:1203.11.2022
0
26673

Abu-Dabi halkara howa menzili (BAE) 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan bilen halkara gatnawlaryny täzeden başlamagy meýilleşdirýär diýip, «Zawya» onlaýn neşiri howa menziliniň täjirçilik direktory Fransua Burýene salgylanyp habar berdi.

Fransua Burýen:

— Iki hepdäniň içinde Aşgabatdan Abu-Dabä birnäçe uçuşy ýola goýlar — diýdi.

«Türkmenistan» awiokompaniýasy pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda Abu-Dabä yzygiderli gatnawlary togtatdy. 2022-nji ýylyň tomsunda türkmen awiokompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE) yzygiderli gatnawlaryny ýola goýdy. Uçuşlar duşenbe we çarşenbe günlerinde amala aşyrylýar. Türkmenistana gaýdyp gelýän uçarlar Türkmenabat şäheriniň howa menziline gonýar.

Abu-Dabi howa menzili 1982-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň merkezinden 32 km uzaklykda guruldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň