Aşgabadyň «Köpetdag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 17-nji tapgyrynda «Nebitçini» kabul edip, uly hasapda ýeňiş gazandy. Paýtagtdaky «Köpetdag» stadionynda geçirilen duşuşyk ýer eýeleriniň 4;1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
«Köpetdagyň» gollarynyň üçüsini 33-nji, 59-njy we 69-njy minutlarda Öwezbaý Muhammetmyradow geçirdi. Dördünji goly bolsa 68-nji minutda Begenç Akmämmedow öz adyna ýazdyrdy. «Nebitçiden» Gurbandurdy Orazgylyjow tapawutlandy.
28 utukly «Köpetdag» ýaryşyň üçünji basgançagynda barýar. 7 utukly «Nebitçi» bolsa ahyrky basgançakda galdy.

