Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-däki walýuta amallarynyň mukdary 2,3 million dollardan geçdi

23:4830.10.2022
0
16052

Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alnyp, olaryň jemi bahasy, takmynan, ABŞ-nyň 2 million 365 müň dollaryna barabar boldy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri suwuklandyrylan gazy, Türkiýeden we Serbiýadan gelen telekeçiler bolsa, degişlilikde, pagta ýüplügini we kök ekstraktyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçiler içerki bazar üçin nebit koksuny, esasy ýagy, polipropileni («Türkmennebit» DK), tehniki kükürdi («Türkmengaz» DK), şeýle hem jemi bahasy 155 million 619 müň manatdan gowrak el halylaryny satyn aldylar.

Bir hepde öň TDHÇMB-däki walýuta amallarynyň mukdary 54,2 million dollardan geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň