Turkmenportal logo
21.10.22
3095830958
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kazanyň howa menzili Tatarystandan Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibini mälim etdi
Kazanyň howa menzili Tatarystandan Türkmenistana  uçuşlaryň täzelenen tertibini mälim etdi

Kazanyň halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibi peýda boldy. Uçuşlar şu tertip boýunça 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabryndan 2023-nji ýylyň 25-nji martyna çenli dowam eder.


Güýz-gyşky uçuş meýilnamasy esasynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Kazandan Türkmenabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyrar:


  • Duşenbe güni uçuş —sagat 00:35-de, gaýdyp geliş bolsa — 06:05-de.
  • Penşenbe güni uçuş — sagat 11:00-da, gaýdyp geliş — 16: 30-da.

Aşgabatdan Kazana uçuşlar ýekşenbe güni 23:05-de, penşenbe güni bolsa 09:00-da gonar.


Kazanyň howa menzili Tatarystanyň paýtagtyndan 28 kilometrlik uzaklykda ýerleşýändigini ýatladýarys.



Şeýle-de okaň: