Soňky habarlar

Arhiw

Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy

13:5621.10.2022
0
26192
Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy
Surat: president.uz

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda saparda bolmagynyň çäklerinde, şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň okunly ösýän Türkmenistan üçin berk binýat bolandygyny belläp geçdi.

— Häzirki wagtda doganlyk Türkmenistan milli jebisligi, taryhy we medeni däp-dessurlary gorap saklamak esasynda çalt ösýär. Munuň özi bütin dünýäde giňden ykrar edildi – diýip, Şawkat Mirziýoýew aýtdy. Şeýle-de Gurbanguly Berdimuhamedowyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giň gerimli strategik hyzmatdaşlygyň derejesine çykarylmagyna aýratyn goşant goşandygyny nygtady.

Duşuşykda ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň giň gerimi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parlamentleriň arasyndaky gatnaşyklaryň halklary has-da ýakynlaşdyrmakda iň möhüm gural bolup durýandygy bellenildi.

— Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin mundan beýläk parlamentara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmalydyrys – diýip, özbek Lideri nygtady.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Diwanynda geçirilen duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit derejesinde parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen teklipdir başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Şunda şu ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň netijeli häsiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar türkmen-özbek parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň iýulynda dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow hem Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa bilen duşuşyp, türkmen-özbek parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň